Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ornuny saklap galdy

  • 22.03.2022 12:33
  • 13k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy bolan amerikaly telekeçi Ilon Mask “Hurun” (Hytaýda Forbes ýaly neşir) neşiriniň wersiýasyna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinjiligi saklady. Bu barada neşiriň saýtynda ýerleşdirilen hasabatda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Şeýlelikde, Maskyň baýlygy bir ýylda 8 mlrd dollar artyp, 205 mlrd dollara ýetdi. Sanawyň liderleriniň üçlüginde ikinji orny eýelän Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jeff Bezos we LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno hem bar. Olaryň baýlygy, degişlilikde, 188 mlrd dollar we 153 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, Jeff Bezosyň baýlygy 1 mlrd dollar azaldy, Bernar Arnonyň baýlygy bolsa 39 mlrd dollar artdy.

2022-nji ýylda sanawyň liderleriniň onlugyndan hytaýly milliarder, Nongfu brendi bilen agyz suwuny öndürijiniň eýesi Çžun Şanşan çykdy, ol 2021-nji ýylda onluga ilkinji gezek goşulypdy. Şu ýylyň reýtinginde ol sekiz orun aşak düşdi we 71,7 mlrd dollar baýlygy bilen 15-nji orunda ýerleşdi. Bu milliarder Hytaýyň iň baý adamy bolmagynda galýar.

Koronawirus keseliniň ýaýrandygyna we dünýä ykdysadyýetindäki beýleki meselelere garamazdan, soňky bir ýylda dünýäde 153 sany täze dollar milliarderi peýda boldy. Neşiriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda olaryň sany 3381-e ýetýär.

Baý adamlaryň sany boýunça Hytaý birinji orunda – 1133 sany dollar milliarderi, ikini orunda ABŞ – 716. Liderleriň üçlügini 215 milliarder bilen Hindistan jemleýär.

Soňky ýylda milliarderler üçin esasy girdeji çeşmesi saglygy goraýyş, gozgalmaýan emläk, ownuk söwda we maliýe hyzmatlary ýaly ugurlar boldy. 


düýn 13:09
6.3k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
1.8k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......