Italiýada 1-nji maýdan başlap kowid pasportlary ýatyrylýar

  • 22.03.2022 12:29
  • 6.7k+

Italiýanyň hökümeti 1-nji maýdan başlap, sanitar pasportlaryny doly aradan aýyrmagy meýilleşdirýär. Penşenbe güni Messaggero gazetiniň habar bermegine görä, aprelde bu resminamanyň ulanylyşynyň çygry ýuwaş-ýuwaşdan daralar - şol sanda şäher ulaglarynda, şeýle-de birgiden edaralarda hem şeýle bolar diýip, ТАSS-a salgylanýan Trend habar berýär.

Waksina baradaky güwänama esaslanýan kowid-sertifikatlaryň deregine iş ýerlerinde koronawirusdan tabşyrylan testiň netijesine esaslanylar. Ýapyk binalarda hökmany örtük dakynmak düzgüni 30-njy aprele çenli dowam eder. Indiki aýdan stadionlaryň dolulygyna goýlan çäklendirmeler ýatyrylar. 1-nji aprelden başlap kesellänler bilen aragatnaşyk saklanlar üçin karantin aradan aýrylar. Diňe kesellänler üzňelikde bolmaga borlanarlar. Hökmany waksinasiýa diňe medisina işgärleri üçin saklanar. 

Italiýada ýokaşmalaryň sany ep-esli azalandan soň, ýene täzeden köpelip başlandygy aýdylýar. Şeýlelikde, statistiki maglumatlara laýyklykda, soňky ýedi günüň içinde ýokaşmalar 36% artypdyr.

Täze ýokaşma ýagdaýlarynyň gije-gündiziň dowamynda ösüşi 100 müň adam. Koronawirus ýokanjy bilen keselländen soň ýogalanlaryň sany günde 100 adamdan gowrak derejede saklanýar.

Käbir hünärmenler, eger çäklendirmeler aradan tiz aýrylsa, pandemiýanyň täze tolkunynyň boljagyna töwekgelligiň bardygyny duýdurýarlar. Ekspertler hem waksinasiýany dowam etmekligiň zerurlygy bilen bagly heniz belli bir bütewi pikire gelip bilmeýärler, käbirleriniň pikirine görä, ol iki ýyldan bir gezek gaýtalanyp biler.

Pandemiýanyň bütin dowamynda Italiýada koronawirus bilen kesellänleriň sany 13,5 mln adamdan gowrak boldy, ýogalanlaryň sany bolsa 157 müň adamdan geçdi.


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

12.05.2025 16:12
2.1k+

Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler

Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar...

14.04.2025 23:50
2.4k+

BSGG geljekki pandemiýalara garşy göreşmek barada şertnama boýunça doly ylalaşyga ýakyn geldi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSGG) agza ýurtlaryň wekilleri geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalaryň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan halkara şertnamanyň esasy maddalary boýunça ylalaşyga geldiler...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...