В Дубае открыли футуристический музей

  • 20.03.2022 14:30
  • 23k+

Dubaýda Geljegiň Muzeýi açyldy. Onuň ýedi gatly binasy içerki diregleri bolmazdan guruldy, poslamaýan polatdan bolan ýüz tarapy bolsa arap kalligrafiýasy bilen bezeldi. Bu arhitektura gözelliginiň 30 müň inedördül metrinde ylym-bilim merkezi ýerleşýär. Bu ýere bütin adamzadyň umumy meselelerine çözgüt tapmak üçin dünýäniň dürli künjeginden iň güýçli akyldarlar ýygnanar diýip, ru.euronews.com habar berýär.

BAE-niň ýokary tehnologiýa ministri we BAE-niň kosmos agentliginiň başlygy Sara al-Amiriniň aýtmagyna görä, muzeý ýurduň ylmy-tehniki ekoulgamynda möhüm rol oýnar:

“Dubaýdaky geljegiň muzeýi innowasiýa we ösüş üçin iň möhüm komponent bolan adamlaryň arasyndaky duşuşyklar üçin meýdança bolup hyzmat eder. Sebäbi olar mümkinçilikleriň tutuş bir toplumyny görmäge we meselelere düşünmäge mümkinçilik berýär”.

Muzeýiň ekspozisiýalarynyň biri 2071-nji ýyla bagyşlanýar, şol wagt BAE-ne 100 ýyl dolýar. Dubai Future gaznasynyň ýolbaşçysy Geljegiň Muzeýiniň aýratynlygyny düşündirdi:

“Wagtyň geçmegi bilen gadymylaşýandygy sebäpli eksponatlarynyň bahasy ýokarlanýan beýleki muzeýlerden tapawutlylykda, biz geljegi görkezýäris we şonuň üçin hemişe onuň yzyndan ýetişmeli. Bizi ekspozisiýamyzy yzygiderli üýtgetmek zerurlygy ruhlandyrýar. Biz uzakdaky geljegi, arzuwy we pikiriň önümini hem-de hakykatdanam duýup, gözüň bilen görüp bolýan ýakyn geljegi, 2071-nji ýylda däl-de, ýakynda peýda boljak zady görkezýäris”.

Muzeýiň her gaty aýratyn tema, mysal üçin, kosmosy öwrenmeklige, ekoulgamlara, bioinženerçilige we saglygy goraýyşa bagyşlanýar. Üsti ýetirilen reallyga, göwrümli maglumatlara, robototehnika we emeli intellekte aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, muzeýde saglygy goraýyş, bilim meselelerine, “akylly” şäherlere, energetika we transporta bagyşlanan gözleg labaratoriýalary hem açylar.


29.09.2024 15:46
5.3k+

Археологи ОАЭ используют ИИ для поиска скрытых объектов под песком

Исследователи из Университета Халифа в Абу-Даби разработали новый метод поиска археологических объектов в пустыне с помощью искусственного интеллекта. Этот метод сочетает радар с синтезированной апертурой (SAR)...

23.06.2023 15:54
30k+

Узбекистан планирует использовать опыт ОАЭ по вызыванию искусственных дождей

Узбекистан собирается внедрить опыт ОАЭ по вызыванию искусственных дождей. Об этом в своём Telegram-канале написал министр иностранных дел Узбекистана Бахтиёр Саидов, передает Trend. По словам главы узбекского...

28.03.2023 23:13
9.3k+

В ОАЭ хотят интегрировать чат-бот ChatGPT в образовательную систему

Правительство Объединённых Арабских Эмиратов намерено запустить онлайн-репетиторов на основе чат-бота ChatGPT.  Для этого власти планируют подписать соглашения с крупнейшими техногигантами, передает The National...

16.02.2023 12:42
31k+

Власти Дубая намерены запустить летающие такси к 2026 году

Премьер-министр ОАЭ и эмир Дубая Мохаммед бин Рашид Аль Мактум объявил о возобновлении программы по разработке летающего такси. В стране рассчитывают запустить такси к 2026 году, сообщает Inc. со ссылкой на Associated...