Ýaponiýa pandemiýa sebäpli girizilen ýurda giriş üçin gündelik çägi 10 müň adama çenli artdyrar

  • 19.03.2022 17:26
  • 7.3k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri aprel aýyndan koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreleriň çäginde hereket edýän ýurda giriş üçin gündelik çägi artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Häzirki wagtda Ýaponiýa girýänleriň sany 7 müň adamdan geçmeli däl. Indiki aýdan başlap, bu çägiň 10 müňe çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ilkinji nobatda, ýapon tarapy ýurda gelýän daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda 152 müň töweregi daşary ýurtly talyp Ýaponiýanyň talyp wizasyny alandygyna garamazdan, hereket edýän koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýurda girip bilmeýär.

Ýaponiýada koronawirus ştammlarynyň ýaýramagy sebäpli 2020-nji ýylyň 28-nji dekabryndan dünýäniň ähli döwletleriniň we sebitleriniň raýatlaryna täze wizalary bermek gadagan edildi. Çäreler geçen ýylyň noýabr aýynda gysga wagtlyk gowşadyldy, ýöne omikron ştammynyň ýaýramagy sebäpli olar ýene güýçlendirildi. Mart aýyndan Ýaponiýa täze wizalary ýene bermäge başlady.

Ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaý durnuklaşdy we kesel hadysalarynyň gündelik köpelme görkezijisi peselýär. Soňky bir günde Ýaponiýada, takmynan, 57 müň koronawirus hadysasy ýüze çykaryldy, 188 adam ýogaldy. 


03.11.2025 12:11
3.6k+

Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar

Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar...

16.10.2025 10:37
5.2k+

Tokio we Wiktoriýa syýahatçylaryň arasynda iň halanýan şäherler hökmünde ykrar edildi

Amerikanyň meşhur Condé Nast Traveler syýahat žurnaly okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişlikde iň halanýan şäherleriň sanawy yglan edildi. Netijelere görä, iri şäherleriň arasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio, kiçi şäherleriň arasynda bolsa Kanadanyň Wiktoriýasy birinji orny eýeledi...

01.09.2025 00:32
2.5k+

Osakada EKSPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

29-njy awgustda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi...

21.08.2025 16:15
4.9k+

Tokio iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak üçin şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi

Ýaponiýanyň paýtagty 2025-nji ýylda uzak aralykdan işi we dynç alşy utgaşdyrmak üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Şweýsariýanyň International Workplace Group (IWG) kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Anywhere Barometer gözleginde habar berilýär...