Pakistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady

  • 16.03.2022 14:23
  • 6.5k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen 15-nji martda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Pakistanyň Liderine oňyn döwletara gatnaşyklary we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda döwletleriň Baştutanlary iki doganlyk ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda netijeli iş alyp bardylar.

Prezident Arif Alwi türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowy giň bäsdeşlik esasynda geçen ählihalk saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, möhüm we jogapkärçilikli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti mähirli gutlaglar we iň gowy arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan syýasy ugruny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň döwletara gatnaşyklary dürli ugurlarda geljekde-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......