Raşid Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 15.03.2022 08:58
  • 880

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň paýtagtyna gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Söhdetdeşlikde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň ençemesi, hususan-da, Ýaşulular geňeşi, Parlament assambleýasy hem-de Türki söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Guramanyň Baş sekretary, öz nobatynda, saýlawlara gatnaşmaga çagyrandygy üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdi hem-de saýlawlaryň açyk, aýdyňlyk we demokratik ýagdaýda geçirilendigini nygtady.


düýn 22:17
912

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......