Türkmenistanyň biržasynda 44 million dollarlyk 137 geleşik baglaşyldy

  • 14.03.2022 22:38
  • 3.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 137-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, mazudy, binýatlyk ýagy, Gonkongyň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen wakuum gazoýlyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Türkiýäniň telekeçileri bahasy 4 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 117 million manada golaý bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit bitumyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.


düýn 22:17
1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....