Ýaponiýa bahalary durnuklaşdyrmak üçin nebit ätiýaçlyklarynyň goşmaça satuwyna başlady

  • 14.03.2022 14:23
  • 3.7k+

Ýaponiýa Halkara energetika agentligine agza-ýurtlaryň gazanan ylalaşyklarynyň çäklerinde bazarda bahalary durnuklaşdyrmak üçin nebit ätiýaçlyklarynyň goşmaça satuwyna başlady.

Bu barada penşenbe güni Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi habar berdi.
10-njy  martdan 8-nji aprel aralygynda milli ätiýaçlykdan nebitiň 7,5 mln barreli töweregi satylar. Milli ätiýaçlykdan alnan nebiti satmak boýunça ilkinji auksiony Ýaponiýa fewralyň başynda geçiripdi, şonda söwdalaşyklara nebitiň 620 müň barreli çykarylypdy. 
Ukrainanyň töwereginde ýüze çykan ýagdaýyň netijesinde bahalary durnuklaşdyrmagyň hatyrasyna Halkara energetika agentliginiň agzalary ozal nebitiň 60 mln barrelini satmak barada şertleşipdiler.


20.06.2026 11:54
5.5k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......