Dýuplantis ýapyk binalarda belentlige bökmek boýunça dünýä rekordyny täzeledi

  • 09.03.2022 18:12
  • 5.2k+

Şwesiýaly ýeňil atletikaçysy Arman Dýuplantis Serbiýanyň Ýapyk binalarda geçirilýän Açyk çempionatynda belentlige bökmekde dünýä rekordyny täzeledi.

Dýuplantis üçünji synanyşykda 6 metr 19 santimetr beýiklige bökmegiň hötdesinden geldi, şeýlelikde, ýapyk binalarda öz netijesini öňküsinden 1 santimetr gowulandyrdy.
Şwesiýaly türgen 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Rimde geçirilen ýaryşlarda 6 metr 18 santimetr beýiklige böküpdi.
Dýuplantisiň dikligine bökmekde häzirki wagtda olimpiýa çempionydygyny bellemek gerek.
Tokioda (Ýaponiýa) geçen Oýunlarda Arman 6 metr 2 santimetr netijäni görkezipdi.


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....