Eýran Ýeriň orbitasyna hemrasyny çykardy

  • 09.03.2022 18:09
  • 8.5k+

Eýranyň hökümeti ýerli "Nur-2" hemrasyny üstünlik bilen äleme goýberdi we ony Ýer togalagynyň töweregindäki orbita çykardy. Bu barada sişenbe güni IRIB teleradiogepleşikler korporasiýasy habar berdi. 

Goýberiş üçin tizligi 6,7 km/s ýetýän üçbasgançakly raketagöteriji ulanyldy. Hemra 480 sekundyň dowamynda 500 km daşlykdaky orbita çykaryldy. Hemrany goýbermek ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Şahrud (Imamşahr) şäheriniň sebitindäki çölde amala aşyryldy.

Eýranyň hökümeti birnäçe ýylyň dowamynda kosmos maksatnamasyny ösdürmegiň üstünde işleýär. Tähran 2023 ýyldan soň "Soruş" raketasynyň kömegi bilen hemralary 36 müň km. beýiklige, ýagny geosinhron orbita çykarmaga mümkinçilik alar diýip, 2020 ýylyň 6 fewralynda Eýranyň kosmos agentliginiň baştutany Morteza Barari mälim edipdi.


28.12.2024 08:49
4.3k+

Alymlar gadymy eýran medeniýetinde stoluň üstünde oýnalýan oýnuň düzgünlerini dikeltdiler. Onuň ýaşy 4500 ýyl

Alymlar ýaşy 4500 ýyl bolan, stoluň üstünde oýnalýan oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltdiler. Oýun tagtasy 1977-nji ýylda Eýranyň günorta-gündogaryndaky Şahr-e Sohtede geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri...

21.08.2024 10:59
3.6k+

Türkmen hünärmenleri Eýranda “Horasan” ylmy-tehniki parkyna baryp gördüler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň ylmy-tehniki parkynda üç günlük duşuşyk geçirildi. THP-niň ISNA agentligine...

07.10.2023 20:29
8.1k+

Eýran ýakyn bäş ýylda kosmosa adam iberer

Eýran kosmosy özleşdirmäge tarap işjeň hereket edýär. Ýurduň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Isa Zarepuryň aýtmagyna görä, Eýran ýakyn bäş ýylda kosmosa adam ibermekçi bolýar. Bu barada ferra.ru habar...

13.09.2023 15:16
7.6k+

Eýran 2025-nji ýyla çenli täze Çabahar kosmodromyndan hemra uçurmagy meýilleşdirýär

Eýran Yslam Respublikasy 2025-nji ýyla çenli ýurduň günorta-gündogaryndaky täze Çabahar kosmodromyndan gün-sinhron orbitasyna hemra ibermegi meýilleşdirýär. Muny Eýranyň kosmos gullugynyň resmi wekili Hoseýn Dalirian mälim...