Berdimuhamedow Natalýa Germany kabul etdi: BMG agzalyga 30 ýyl. Prezident saýlawlary

  • 04.03.2022 09:27
  • 6.1k+

3-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy.

Döwlet Baştutany öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm we aýrylmaz ugry bolup durýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu merkez BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda 2007-nji ýylda Aşgabatda döredildi.

Sebit merkeziniň döredilmegine şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny aýdyp, türkmen Lideri geçen döwrüň dowamynda onuň özüni ýüze çykýan köp meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigini belledi. Häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini, hususan-da, ählumumy pandemiýany, onuň durmuş-ykdysady netijelerini aradan aýyrmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda şol saýlawlaryň halkara kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany gapma-garşylyklaryň öňüni almak, çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmagyň parahatçylykly usullar boýunça çözgütleriniň öz ýoluny öňe sürýän has işjeň gatnaşyjylarynyň birine öwürdi diýip, Natalýa German aýtdy hem-de geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň gepleşikleriň netijeli meýdançasyna öwrülendigini we şeýle bolmagynda galýandygyny, guramanyň ähli ugurlar boýunça netijeli işleýändigini belledi.

Şu ýylyň 12-nji marty Türkmenistan, onuň ähli hyzmatdaşlary üçin örän wajyp gün bolar. Şol gün ýurduň halkynyň Konstitusiýada beýan edilen demokratik hukuklaryny doly amala aşyrmaga mümkinçilik aljakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň doly ygtyýarly agzasy bolup durýan düzümlerinden köp sanly synçylaryň çagyrylmagyna uly hormat bilen garaýaryn. Türkmenistanyň saýlaw işini guramaga çemeleşmeginiň açyklygyna saýlawçylar, Türkmenistanyň halky we elbetde, halkara hyzmatdaşlar tarapyndan ýokary baha berilýändigine ynanýaryn. Men bu habary uly kanagatlanma bilen kabul edýärin we BMG-niň bu ugurda ysnyşykly hyzmat etmäge taýýardygyna ynandyrýaryn diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......