BMG-niň Baş sekretary Prezident Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

  • 04.03.2022 09:41
  • 9.7k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gutlag iberdi. Onda Baş sekretar 1992-nji ýylyň 2-nji martynyň Milletler Bileleşigi üçin aýratyn senedigini, şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki ähli agzalarynyň 5 göterimine golaýynyň onuň düzümine birleşendigini aýratyn belleýär.

Soňky 30 ýylyň dowamynda biz sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga, durmuş abadançylygyna ýetmek ugrunda ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýduk. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek we ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, köptaraplaýyn ulgamyň möhüm gatnaşyjysyna öwrüldi» diýip, jenap Guterriş öz hatynda biziň COVID-19 pandemiýasyndan saplanmaga çalyşýandygymyz sebäpli, bilelikde has durnukly hem-de adalatly jemgyýete tarap hereket edip biljekdigimize ynanýandygyny, raýdaşlyk, maksatlaryň birligi, gepleşikleriň, ylalaşyklylygyň we ýaraşmagyň gaýtadan dikeldilen ruhy arkaly öňümizde durýan wehimlere garşy göreşip, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk, hemmeler üçin abadançylyk we adam hukuklary babatda esasy tagallalaryny durmuşa geçirip biljekdigimizi nygtady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......