Awstraliýanyň iň baý adamy planetany halas etmek üçin pul berer

  • 03.03.2022 16:52
  • 11k+

Awstraliýanyň iň baý adamy bolan demir-magdan magnaty Endrýu Forrest planetany halas etmek üçin 3 milliard Awstraliýa dollaryny berer. Ol merkezi Kwinslendde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmakçydygyny aýtdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, Lenta.ru belleýär.

Forrestiň kompaniýasy Squadron Energy ýel we Gün fermasyny ösdürmek bilen meşgullanýan Clarke Creek taslamasyny satyn aldy. Taslamanyň gurluşygyň başlamagy üçin eýýäm baglaşylan şertnamalary-da bar.

“Biz Clarke Creek-e diňe bir gaýtadan dikeldilýän ýel we Gün energiýasyny öýlerimizi, zawodlarymyzy we şäherlerimizi energiýa bilen üpjün etmek maksady bilen ulanmak üçin däl-de, eýsem gazylyp alynýan ýangyja garaşlylykdan dynmak üçin möhüm ädim hökmünde maýa goýýarys” – diýip, Forrest aýtdy.

Clarke Wind taslamasynyň birinji tapgyrynyň 2024-nji ýylda, ikinji tapgyrynyň 2026-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar. Taslama 660 müň öýi ýa-da Kwinslendiň öý hojalyklarynyň 40 göterimini energiýa bilen üpjün edip biler.

Şeýle-de, Forrest başlyklyk edýän magdan gazyp alyjy Fortescue Metals Group kompaniýasyny dünýäde iň uly ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürijä öwürmegi meýilleşdirýär.


şu gün 12:21
4.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....