Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

  • 03.03.2022 16:27
  • 6.4k+

Şu günler Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. 2-nji martda hem olar sebitlerde bolup, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler we öz maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar.

2-nji martda Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň hem-de Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň hem-de Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşyklary boldy.

Duşuşyklaryň dowamynda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri olaryň terjimehallary bilen tanyşdyrdylar. Soňra bolsa iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryp, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdiler. 


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......