Dalaşgär Serdar Berdimuhamedow balkanly saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 01.03.2022 09:24
  • 15k+

28-nji fewralda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

 “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Deňiz söwda floty” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş hünärmeni E.Matdyýew ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de onuň şahsy, işeňňirlik we ýokary derejeli hünärmen hökmündäki häsiýetlerini belledi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini belläp geçdi.

Duşuşykda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmäge, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga, welaýatyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň üstünde durup geçdi.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....