ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Prezident saýlawlaryny geçirmekde tejribe alyşýar

  • 01.03.2022 09:19
  • 3.8k+

28-nji fewralda türkmen paýtagtynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýardam bermeginde saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň hem-de saýlaw çärelerini guramagyň meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Bu çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de hökümet edaralarynyň, şonuň ýaly-da, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenmelerinde häzirki wagtda geçirilýän möhüm syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakdaky hem-de her bir raýatyň ýurduň geljegi baradaky jogapkärçiligine düşünmegindäki ähmiýetini bellediler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar saýlawlary guramak boýunça halkara tejribeler bilen tanyşdyryldy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......