Aşgabatdan hödürlenen dalaşgär lebaply saýlawçylary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

  • 26.02.2022 18:20
  • 6.3k+

25-nji fewralda Lebap welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogik ylymlaryň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabow saýlawçylary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly hem-de şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.

Soňra welaýatyň saýlawçylarynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. H.Nunnaýew saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylsa, durmuş ugurly syýasaty dowam edip, mähriban Watanymyza we halkymyza yhlasly zähmeti bilen gulluk etjekdigini nygtady.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmek, hususy telekeçilige goldaw bermek we raýatlaryň durmuş goraglylygy ýaly wezipeler hemişelik üns merkezinde saklanar.


düýn 18:54
3.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......