Dalaşgär Serdar Berdimuhamedow ahally saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 26.02.2022 18:04
  • 12k+

25-nji fewralda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Dalaşgäriň ynanylan wekili — TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, döwlet Baştutanlygyna saýlanan ýagdaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan ilkinji nobatdaky wezipeleri nazara almak bilen, ata Watanymyza hem-de türkmen halkyna gulluk etjekdigini, durmuş ugurly syýasaty dowam etdirjekdigini nygtady.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....