Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmegiň täze maksatnamasy kabul edildi

  • 26.02.2022 16:42
  • 29k+

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu barada türkmen Lideriniň 25-nji fewralda gol çeken degişli Kararynyň maksady ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmekden we giňden ornaşdyrmakdan, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......