Aşgabatda gibrid görnüşde halkara mediaforum geçirildi

  • 26.02.2022 07:03
  • 2.7k+

25-nji fewralda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde “Dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti” atly halkara mediaforum geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi tarapyndan guraldy.

Çärä ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary, Russiýa Federasiýasynyň, Yragyň Iordaniýanyň, Bahreýniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy KHBS-niň hem-de teleradiokompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň, Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary Jawad Mottaginiň, Türkiýäniň “TRT Awaz” teleýaýlymynyň başlygy Sedat Sarikaýanyň, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Alişer Hajaýewiň, Hytaýyň “CGTN-Russian” mediakorporasiýasynyň Baş direktory Din Ýunyň we beýlekileriň wideoçykyşlary diňlenildi. Foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, dünýäde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny boýunça pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......