Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň direktory bilen telefon arkaly pikir alyşdy

  • 25.02.2022 09:15
  • 7.1k+

24-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi. Bu gün “John Deere” we “Сase” kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Eleсtriс” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklaryň, dürli maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......