Prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow lebaply saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 24.02.2022 08:14
  • 22k+

23-nji fewralda Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşyga kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançylar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy O.Çopanow ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, dalaşgäriň dürli ulgamlardaky baý iş tejribesini, ýokary hünär derejesini we guramaçylyk ukybyny, ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde jogapkärçilikli çemeleşýändigini, ata Watanymyzyň bähbitlerine wepalylygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzda başy başlanan we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....