Nerw öýjüklerini dikeltmegiň usuly tapyldy

  • 24.02.2022 15:29
  • 23k+

ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetiniň gözlegçileri Parkinson keseli ýaly käbir neýrodegeneratiw kesellerde zeper ýetýän nerw öýjüklerini dikeltmegiň usulyny tapdylar. Olar muny peptidleriň öýjüklere täsir etmegini gazanmak bilen başardylar. Bu barada Medical Express habar berýär. Muny Lenta.ru ýetirýär.

Gözlegiň predmeti zeper ýetende ysmaza çenli düýpli näsazlyklara sebäp bolýan myşsa gysylmasyny ýüze çykaryjy uzyn aksonlar (impuls geçirýän nerw ösüntgisi) boldy. Alymlar peptidler diýlip atlandyrylýan aýratyn aminokislotalar zynjyry bilen adamyň ýetişmedik öýjüklerinden özgeren nerw öýjüklerine täsir etmek kararyna geldiler. Tejribe bu maddanyň mitohondriýanyň (nerw öýjüklerini düzüji) bölünişigini bes etmäge ukyplydygyny, şeýle-de öýjükleriň dikeldilmegine mümkinçilik berip, mundan beýläkki zeper ýetmeleriň öňüni alýandygyny görkezdi. 


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......