Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy žurnalistler üçin brifing geçirdi

  • 24.02.2022 00:15
  • 3.3k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Tbilisi şäherinde geçirilen onlaýn brifing 2022-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegine hem-de 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna bagyşlandy.

Çärä «TV-24» teleýaýlymynyň, «The Georgian Business Week» neşiriniň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» elektron neşiriniň, «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» ýaly gazetleriň žurnalistleri, syýasatşynaslar, Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň, Grigol Robakidze adyndaky uniwersitetiň hem-de ýurduň Milli ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanda ähli ulgamlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle-de 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda saýlaw uçastogy dörediler.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......