Türkmenistanda 2022-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalaryň sanawy tassyklanyldy

  • 20.02.2022 02:03
  • 10k+

18-nji fewralda Ruhyýet köşgünde geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere seljerme geçirildi hem-de şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň käbiriniň möhletinden yza galýandygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi we işleri düýpli seljermek barada degişli tabşyryklary berdi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....