Türkmenistanda harby gullukçylary hökmany ätiýaçlandyrmagyň Tertibi tassyklanyldy

  • 19.02.2022 09:18
  • 30k+

Türkmenistanda harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara 18-nji fewralda  geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde türkmen Lideri gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, Tertibiň taslamasynda adalgalar, talaplar we hökmany ätiýaçlandyryşa degişli harby we hukuk goraýjy edaralar täze kanunçylyga laýyk getirildi, hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça harby gullukçylara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde degişli namalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemek şertleri has anyk beýan edildi, şeýle hem ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary kämilleşdirilip, pul möçberleri artdyryldy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......