Alymlar dünýäniň uly derýalarynda dermanlaryň yzlaryny tapdylar

  • 18.02.2022 14:13
  • 21k+

Beýik Britaniýada Ýork uniwersitetiniň alymlary dünýäniň 104 ýurdundaky 258 uly derýanyň suwlarynda suw jandarlary we adam saglygy üçin howply bolan derman serişdeleriniň konsentrasiýasyny tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Gözleg işi 471 mln adamyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini anyklamak üçin 137 geografiki sebitde geçirildi. Bellenilişi ýaly, 36 ýurtda derýalar derman serişdesiniň konsentrasiýa düzümi üçin hiç wagt barlanylmandyr. Gözlegiň dowamynda 61 birleşmäniň konsentrasiýasy ýüze çykaryldy.

Afrikada, Saharanyň günortasynda, Günorta Amerikada we Günorta Aziýada şeýle birleşmeler köp duşýar. Alymlaryň pikiriçe, munuň sebäbi ilatyň pes we orta girdejisi, şeýle-de hapa suwlary arassalamak hem-de galyndylary peýdalanmak boýunça ösmedik infrastrukturadyr. Bu sebitleriň derýalarynda karbamazepin, metformin we kofein birleşmeleri tapyldy. Bu birleşmeler seljerilýän ýerleriň ýarysyndan gowragynda ýüze çykaryldy. 

Habarlara görä, suw nusgalary alnan ýerleriň dörtden birinde azyndan bir birleşme suw jandarlary üçin howpsuz derejeden geçýärdi ýa-da derman serişdelerine çydamly patogenleriň ösüşine täsirini ýetirip bilýärdi. 


25.05.2026 16:09
1.1k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.4k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

05.05.2026 14:00
2.1k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......