Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatdaky gurluşyklaryň ýagdaýyny synlady

  • 18.02.2022 11:44
  • 15k+

17-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutany dikuçarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde dag eteklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan suw howdanyny synlady. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ýagyn we sil suwlaryny bir ýere jemleýän howdanyň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet Baştutany uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, bu ýerde halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişini synlady.

Döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk tarapyna ugur aldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde dürli maksatly binalaryň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň hem-de medeni we işewürlik merkezleriniň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan işewürlik merkezli köpugurly «Garagum» myhmanhanasynyň ýerleşen çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....