Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 13.02.2022 14:28
  • 12k+

12-nji fewralda Aşgabada saparynyň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi. Taraplar türkmen-gazak özara hereketleriniň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol sanda iki ýurduň ähmiýetli mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy arkaly ulag-üstaşyr geçirmeleri, söwda-ykdysady düzümleri, oba hojalygy hem-de daşky gurşawyň goragy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatda hem pikir alşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet we hususy pudaklarynyň işjeň çekilmegi bilen, ýangyç-energetika, senagat ulgamlaryndaky özara hereketleriň ösdürilmegine, halkara we sebitleýin awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Bu ugurlar boýunça gepleşikler R.Sklýaryň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem dowam etdirildi.


düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......