Eýrandan nebit-himiýa önümleriniň eksporty şu ýyl 14 mlrd dollara ýeter

  • 12.02.2022 09:33
  • 3.7k+

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Morteza Şahmirzai 2021-nji ýylyň 21-nji martynda başlanan Eýranyň häzirki 1400-nji senenama ýylynda Eýrandan nebit-himiýa önümleriniň eksportynyň 14 mlrd dollara ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy. Bu barada IRNA salgylanyp, Trend habar berýär.

“Çaklamalara görä, şu ýyl Eýranda nebit-himiýa önümleriniň önümçilik kuwwaty 65 mln tonna ýeter” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň jemi boýunça ýurduň 30 mln tonna nebit önümleriniň eksportyndan 14 mlrd dollar gazanmagyna garaşylýar.
Eýranda Altynjy ösüş meýilnamasynyň bir ýyl uzaldylmagyny göz öňünde tutup, ol altynjy meýilnama laýyklykda Eýranyň 1401-nji ýylynyň ahyryna çenli Eýranda nebit-himiýa önümleriniň nominal kuwwatynyň ýylda 105 mln tonna ýetjekdigini aýtdy.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......