«Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň gurluşygyna başlanýar

  • 09.02.2022 08:50
  • 6.2k+

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň täze binasy gurlar. Bu baradaky degişli Karara 8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Hususan-da, resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda bu ministrligiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Dokmahyzmat” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanyp, ol 2024-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar ediler. Bu Kararyň maksady ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etdirmek hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmekden ybaratdyr.

Ýeri gelende bellesek, indi ençeme ýyldan bäri Türkmenistanda Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary hereket edýär. Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem millilige ýugrulan aýdym-sazlarydyr folklor çykyşlary bilen giňden tanalýar.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......