Mazda kompaniýasy CX-50 krossowerini çykaryp başlady

  • 07.02.2022 09:30
  • 7.4k+

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy täze CX-50 krossoweriniň önümçilige goýberilmegi mynasybetli dabara geçirdi. Awtomobil Alabama ştatynyň Hantswill şäherindäki Mazda-nyň täze Toyota Manufacturing kärhanasynyň konweýerinden çykdy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ilkinji nusganyň rul başyna Mazda-nyň amerikan bölümçesiniň ýolbaşçysy Jeff Gaýton geçdi. Ol “CX-50-niň önümçiliginiň demirgazyk amerikan bazarynyň Mazda kompaniýasy üçin ähmiýetini we ABŞ-nyň ykdysadyýetine maýa goýmak islegini görkezýändigini” belledi. Mundan öň kompaniýa awtomobillerini Ford kompaniýasynyň Flet Rokdaky zawodynda öndürýärdi, ýöne 2012-nji ýylda Mazda 6-nyň önümçiligi bes edildi we kompaniýa önümlerini ABŞ-nyň bazaryna getirmek tejribesine dolandy.

Göwrümi boýunça CX-50 krossoweri CX-5-den has uly bolup, dynç alşy söýüjiler üçin niýetlenýär. Munuň üçin awtomobil adaty görnüşde doly herekete getiriji transmissiýa i-Activ All-Wheel Drive (AWD) we sürüş režimlerini dolandyrmagyň täze ulgamy Mazda Intelligent Drive Select (Mi-Drive) bilen üpjün edilýär.

Ilkibaşda CX-50 2,5 litrlik benzin hereketlendirijileri Skyactiv-G bilen elýeterli bolar. Atmosfera görnüşinde ol 190 at güýjüni, turbo görnüşinde 230 at güýjüni berýär. Hereketlendirijileriň ikisi-de 6-derejeli “awtomat” bilen bilelikde işlär. Soňrak CX-50 gammasynda gibrid görnüşler peýda bolar.

Dilerlerde täze krossoweriň şu ýylyň ýazynda peýda bolmagyna garaşylýar.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

29.05.2026 16:35
6.8k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

15.05.2026 09:20
6.7k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......