Alymlar ýaşy 60 000 ýyl bolan megafaunanyň galyndylaryny tapdylar

  • 07.02.2022 09:24
  • 16k+

Arheologlar Angliýanyň Plimut şäheriniň golaýyndaky ýeriň gurluşyk işleriniň çäginde galyndylary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda mamontyň gyýagy we kerkiň, syrtlanyň hem möjegiň gadymy nesilleriniň süňkleri bar. Olaryň ählisi Ýeriň ýüzünde 30 000 – 60 000 ýyl mundan ozal bolup geçen iň soňky Buz eýýamyna degişlidir. Bu barada BBC ýazýar. 

Şeýlelik bilen, möjegiň kelle süňküni, ýüňlek kerkiň aşaky eňegini we mamontyň gyýagynyň bir bölegini görmek bolýar. 

Alymlar bu tapyndylara haýran galýarlar: “Dewonda (iňlis graflygy) şeýle görnüşleriň birnäçesiniň bölekleýin galyndylarynyň tapylmagy bize müňlerçe ýyl mundan ozal Britaniýada gezen Buz eýýamynyň haýwanlary barada düşünje berýär hem-de şol döwürde daşky gurşawyň we klimatyň ýagdaýynyň nähili bolandygyna düşünmäge kömek edýär”.

Häzirki wagtda galyndylar akademiki analizden geçirilýär, ýöne olaryň Plimutyň täze The Box muzeýine berilmegine garaşylýar. Galyndylaryň tapylan ýeriniň ýerasty bölegi saklanylar, onuň ýanyndaky gurluşyk işleri bolsa bes ediler.


04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

28.04.2026 17:11
5.2k+

Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy......

27.02.2026 20:58
3.3k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...

25.02.2026 06:38
5k+

Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar

Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär...