Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy

  • 07.02.2022 09:20
  • 16k+

Nýu-Ýorkuň akdyrylýan hapa suwlarynda Missuri uniwersitetiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky alymlar SARS-CoV-2-niň öň näbelli bolan azyndan dört sany görnüşini tapdylar. Olar bu barada maglumatlary “Nature Communications” žurnalyndaky makalada ýerleşdirdiler diýip, Gazeta.ru habar berýär.

Nýu-Ýorkdaky hapa suwlaryň nusgasy 2020-nji ýylyň tomsundan bäri alynýardy. Gözlegçiler 2021-nji ýyldaky nusgalarda belli bolan görnüşlere häsiýetli bolmadyk mutasiýalar bilen wirus görnüşlerini tapdylar. Ähli mutasiýa wirus genomynyň şol bir ýerine degişlidi.

“Biz henizem omikron görnüşiniň nireden gelendigini bilemzok, ýöne ol bir ýerden gelen bolmaly. Täze görnüşler hemme ýerde döreýär, olaryň arasynda ahyrynda umumy populýasiýa girip, weýrançylyk döreden omikron hem bar. Biz bu üýtgeşik mutasiýa geçiren nusgalar adamlar üçin howply täze görnüşiň döremegine esas bolup biler diýip pikir edýäris” – diýip, gözlegçiler belledi.

Adamlarda tapylan görnüşler ýüze çykarylmady. Gözlegçileriň pikiriçe, bu ýagdaýda gürrüň haýwanlaryň, ähtimal, Nýu-Ýorkuň kanalizasiýa ulgamynda ýaşaýan alakalaryň arasynda wirusyň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan mutasiýalar barada gidýär. SARS-CoV-2 haýwanlardan adamlara geçdi, indi bolsa ters proses bolup geçdi – wirusyň “adam” görnüşleri haýwanlaryň arasynda ýaýrady we olaryň organizminde ewolýusiýany geçirdi. Olaryň adam üçin näderejede ýokuşagan bolup biljekdigi heniz belli däl. 


11.05.2026 23:10
3.1k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4.1k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.7k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

06.05.2026 00:33
4k+

Amerikaly newrolog 103 ýaşyna çenli işledi: ol taryhda iň garry lukman hökmünde ykrar edildi

Amerikaly newrolog Howard Taker resmi taýdan taryhda iň garry tejribeli lukman hökmünde ykrar edildi. Ol 1947-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ömrüniň 75 ýylyny lukmançylyk işine bagyşlady....