Hytaýdan gelen Berdimuhamedow we wekiliýet agzalary 3 günlük karantine gitdi

  • 06.02.2022 12:16
  • 27k+

5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iki günlük sapary tamamlandy. Türkmen Lideriniň baştutanlygyndaky wekiliýet günüň ikinji ýarymynda Türkmenistana gaýdyp geldi. Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Hytaýdan gelen wekiliýet 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantin çärelerini berjaý edýärler.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 3-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew Düzgünnama laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin Hytaýa sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň iň gysga wagty – 3 gün, ortaça wagty – 10 gün, iň wajyp wagty bolsa 21 gün bolmaly. Wise-premýeriň teklibinden ugur alyp, döwlet Baştutany: «Biz karantin çäreleriniň haýsy hem bolsa birini berjaý edip, arassaçylyk talaplaryna görä, iň azyndan 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantinde bolarys» diýip habar beripdi.


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......