Türkmen we Hytaý tarapy 4-nji gaz geçirijiden iberiljek gazyň bahasyny ylalaşar

  • 06.02.2022 12:21
  • 8.4k+

5-nji fewralda Pekinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde tebigy gaza bolan baha meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň zerurdygy nygtaldy. 

"Bu meseleler boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý kärdeşleriniň harytlyk turbageçirijiniň üstünden geçýän gazyň bahasy babatda dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýaryn" diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň dowamynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmekde  türkmen tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň 2-nji tapgyryny Hytaý tarapynyň maýa goýum serişdesiniň hasabyna işläp taýýarlamagyna gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar.

Şeýlelikde, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmegi tabşyrdylar. 


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....