Gurbanguly Berdimuhamedow Pekin Olimpiadasynyň açylyşyna gatnaşdy

  • 05.02.2022 00:33
  • 22895
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekin Olimpiadasynyň açylyşyna gatnaşdy

4-nji fewralda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ol Pekindäki «Guş höwürtgesi» diýlip atlandyrylýan milli stadionda geçirildi.

Iri sport baýramçylygyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Argentinanyň, Müsüriň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Singapuryň, Serbiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ekwadoryň Prezidentleri, Kataryň Emiri, Bosniýa we Gersogowinanyň, Gresiýanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Premýer-ministrleri, Kambojanyň Patyşasy, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadalary, Monakonyň Şazadasy, Lýuksemburgyň Beýik Gersogy, Tailandyň Şa aýaly, BMG-niň, BSGG-niň, ŞHG-niň Baş sekretarlary, Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti we beýleki daşary ýurtly resmi adamlar hem gatnaşdylar.

Ýaryşlaryň geçirilýän 16 gününiň dowamynda türgenler sportuň 15 görnüşi boýunça medallar toplumynyň 109-sy boýunça bäsleşerler. «Bilelikde umumy geljegiň bähbidine» diýen şygar astynda geçýän Pekin Olimpiadasyna dünýäniň 95 döwletinden türgenler gatnaşýar.


şu gün 09:34
8382

Serdar Berdimuhamedow Katarda dünýä çempionatynyň duşuşygyna tomaşa etdi

3-nji dekabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň...

16.11.2022 14:00
3340

Frigiýa şyrdaklary Pariždäki Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň tumarlary boldy

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň resmi tumarlaryny görkezdi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlaryň...

15.11.2022 13:28
11974

Türkmen türgenleri Ankarada geçiriljek agyr atletika boýunça Halkara ýaryşa gatnaşar

15-nji noýabrda Ankarada Naim Suleýmanoglunyň hatyrasyna agyr atletika boýunça Halkara ýaryş başlanýar. Bu ýaryşa ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ussat türgenleri hem gatnaşar. Türkiýäniň agyr atletika federasiýasynyň...

13.11.2022 21:41
15479

Türkmen samboçylary dünýä çempionatynyň jemleýji gününde ýene 3 medal gazandylar

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji gününde —13-nji noýabrda türkmen samboçylary 1 kümüş we 2 sany bürünç medal gazandylar. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň...