Türkmenistan we Hytaý medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi meýilleşdirýär

  • 03.02.2022 16:51
  • 4.5k+

Hytaýyň iri habar beriş serişdeleriniň sowallarynyň hatarynda türkmen Lideriniň medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmek üçin nähili çäreleriň zerurdygy baradaky pikiri hem soralýar.

Söhbetdeşlikde: «Medeni-ynsanperwer ulgam iki ýurduň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Biziň halklarymyz Türkmenistanyň we Hytaýyň sungaty hem-de edebiýaty bilen tanyşmaga özara gyzyklanma bildirýärler, ýurtlarymyz hem bu meýilleri höweslendirýärler, döredijilik we ylmy işgärleriň ýakyndan gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döredýärler. Biz Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyga geldik» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Nygtalyşy ýaly, bilim ulgamy Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyza bilim bermäge taýýardyklaryna ýokary baha berýäris, türkmen ýigitleri we gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň iň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýärler. Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdüriler. Öňde boljak gyşky Olimpiadanyň ýurtlarymyzyň arasynda sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berjekdigine ynanýaryn — diýip, türkmen Lideri sözüni jemledi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......