Berdimuhamedow Italiýanyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Mattarellany gutlady

  • 03.02.2022 09:00
  • 2.8k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Serjio Mattarella Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany öz hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligi, özara bähbitliligi we işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin zerur işleri bilelikde dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Serjio Mattarella respublikanyň parlamentiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçirilen ses berişligiň sekizinji tapgyrynda Italiýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanyldy. Prezident saýlanmak üçin absolýut köplügi (50%-den gowrak), ýagny 505 ses almak ýeterlikdi. Özüniň ilkinji ýedi ýyllyk mandatyny tamamlaýan Mattarella üçin parlament agzalarynyň we sebit wekilleriniň hataryndan saýlawa gatnaşyjylaryň 759-sy ses berdi.


düýn 11:32
2.1k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......