Sony “Halo” we “Destiny” oýun seriýalaryny döreden Bungie studiýasyny satyn aldy

  • 02.02.2022 09:07
  • 3.4k+

Ýaponiýanyň Sony kompaniýasy Halo we Destiny ýaly wideo oýun seriýalary bilen belli bolan Bungie studiýasyny 3,6 mlrd dollara satyn aldy. Bu barada kompaniýanyň amerikan ofisiniň habarynda aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

“Biz Sony Interactive Entertainment bilen Bungie-niň arasynda soňkyny satyn almak barada şertnamanyň baglaşylandygyny habar bermäge şat. Dünýäde iň uly wideo oýunlaryny döredijileriň biri indi Sony maşgalasyna goşular” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bungie-niň baglaşylan şertnama baradaky teswirinde studiýanyň döredijilik garaşsyzlygyny saklajakdygy aýdylýar.
Sony bilen wideo oýunlary bazaryndaky ikinji uly oýunçy Microsoft-yň arasyndaky bäsdeşlik Microsoft ýanwar aýynyň ortalarynda World of Warcraft, Call of Duty, Diablo, Guitar Hero oýunlaryny dörediji Activision Blizzard-y 68,7 mlrd dollara satyn alandan soň hasam güýçlendi.  


28.05.2026 19:13
3.9k+

Mazda we Spingle kenguru derisinden tikilen krossowkalary çykardylar

Mazda awtoulag öndürijisi Ýaponiýanyň Spingle aýakgap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dizaýny CX-5 krossowerinden bölekleýin ylham alan, çäkli sanda SP-MZD krossowkasyny çykardy. ...

16.05.2026 09:56
5.1k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

11.04.2026 14:35
2.2k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

01.03.2026 11:55
4.6k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar...