VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 02.02.2022 08:49
  • 3.3k+

1-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Geçen, 2021-nji ýylda pudagara toparyň amala aşyran işleriniň netijelerine garap, gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek bilen mejlisi dowam etdiler. Onuň gün tertibine VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Bu ugurda sammitiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.


düýn 18:57
1.2k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
977

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......