Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

  • 02.02.2022 08:47
  • 5.7k+

1-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistany ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Abdrahmanowyň, S.Berdimuhamedowyň we R.Meredowyň hasabatlary diňlenildi. Türkmen Lideri türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Türkmenistanyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy, bu babatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutany alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmek üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...