Türkmenistan we Pakistan TOPH we TOP boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlar

  • 02.02.2022 00:50
  • 4.5k+

31-nji ýanwar – 4 fewral aralygynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. 31-nji ýanwarda saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň energetika ministri Muhammad Hammad Azhar bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDIM-niň resmi saýtynda habar berilýär. 

Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýetilen sepgitler, häzirki günde alnyp barylýan we geljekde meýilleşdirilýän işler boýunça hem-de TOP elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň konseptual ugry bilen pakistan tarapyny tanyşdyrdy.

Pakistan tarapy maglumatlary kanagatlanma bilen kabul edip, sebit üçin ähmiýetli bolan TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işlere Pakistanyň doly ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça amaly işleri ýerine ýetirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin tehniki hünärmenler derejesinde ýakyn wagtda duşuşyklaryň geçirilmegini we ýerine ýetirilmeli işleriň "Ýol kartasynyň" taýýarlanylmagyny ylalaşdylar.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....