Dutaryň ÝUNESKO girizilmegi bilen baglanyşykly daşary syýasatda öňde durýan wezipeler kesgitlendi

  • 01.02.2022 12:23
  • 3.2k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. 30-njy ýanwarda bolsa ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.

Şu mynasybetli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly 31-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler, R.Meredowa, S.Toýlyýewe hem-de M.Mämmedowa aýry-aýry tabşyryklary berdi.

Hususan-da, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa

  • dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bagly milli we halkara giňişlikde alnyp baryljak işleriň meýilnamasyny taýýarlamak;
  • ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda, ýagny Türkmenistan bilen BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasy esasynda alyp barmak;
  • ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny, türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny hem-de türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek;
  • ÝUNESKO tarapyndan dolandyrylýan halkara hukuk namalaryna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek tabşyryldy.

şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......