Eşli Barti Australian Open ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 31.01.2022 00:27
  • 3.5k+

«Uly tuwalga» möwsüminiň birinji ýaryşynyň finalynda awstraliýaly tennisçi Eşli Barti amerikaly Daniel Kollinsi ýeňdi.

Duşuşyk Bartiniň peýdasyna 6:3, 7:6 (7:2) hasap bilen tamamlandy.
Barti «Uly tuwalga» ýaryşynyň öz watanyndaky — Awstraliýadaky tapgyryny 1978-nji ýyldan bäri gazanmagy başaran ilkinji awstraliýaly türgendir. Şol gezek ýaryşy Kris O'Nill gazanypdy. Şeýle hem awstraliýaly türgen 2000-nji ýyldan bäri bu ýaryşy ýekeje-de setde ýeňilmän geçip bilen dördünji tennisçidir. Ondan öň, şeýle netijäni amerikaly Lindsi Dewenport (2000) we Serena Uilýams (2017), şeýle hem russiýaly Mariýa Şarapowa (2008) görkezipdi.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......