Türkmenistanda Ýol gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi dörediler

  • 29.01.2022 16:56
  • 17k+

Hökümetiň 28-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakyndaky teklip barada aýdyp, ýol gurluşygyny dolandyrmak boýunça täze hökümet edarasynyň adynyň talaba laýyk gelmeýändigini belledi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna görä guralýar. Döwletimizi ösdürmek boýunça ähli uzak möhletleýin meýilnamalarymyz hem bu ugra gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ony Ýol gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Şeýle hem onuň Düzgünnamasynda bazar gatnaşyklaryna degişli ähli kadalar beýan edilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi we bu ugurda taýýarlanylan ähli resminamalara gaýtadan seredip, olary Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....