Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy

  • 27.01.2022 13:05
  • 4.5k+

Brand Finance halkara konsalting kompaniýasynyň täze hasabatyna görä, Sber “Brendiň güýji” görkezijisi boýunça Ýewropada birinji orny eýeledi. 2022-nji ýylyň reýtinginde Sber mümkin bolan 100-den 92,3 punkt ýygnap, iň ýokary AAA+ reýtingini aldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär. 

“Geçen bir ýylda bank koronawirus pandemiýasyna garamazdan, bu görkezijini 0,3 göterim punkt ýokarlandyrdy” – diýlip, Brand Finance-iň teswirinde aýdylýar. Bir ýyl ozal Sber brendiň güýji boýunça Ýewropada ikinji orny eýeledi, ýöne 2021-nji ýylda kompaniýa ýakyn bäsdeşi Ferrari-den öňe geçdi. 

Dünýä brendleriniň arasynda Sber altynjy orny eýeledi, liderleriň bäşligine WeChat, Coca-Cola, Google, Youtube we Naver girdi. Mundan başga-da, liderleriň onlugynda Ferrari, Amazon, Deloitte we Pepsi bar.

Sber brendi örän çalt depginde ösýär diýip, marketing we kommunikasiýa departamentiniň direktory, uly wise-prezident Wlad Kreýnin belledi. Ol Sber bankyna eýýäm 104 mln hususy we üç mln korporatiw müşderiniň ynam bildirýändigini ýatlap geçdi.

Bir ýylyň dowamynda Sber brendiň bahasy boýunça-da (Brand Value) ornuny ep-esli gowulandyrdy, ol 25 punkt ýokary galdy. Brand Finance Russiýanyň öňdebaryjy bankynyň we ekoulgamynyň brendini 12,8 mlrd dollar bilen bahalandyrdy, bu bir ýyl ozalkydan 36 göterim köpdür. Bu Sbere dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda 156-njy setiri eýelemäge mümkinçilik berdi (ondan öňki  ýyl bank 181-nji orunda ýerleşipdi).


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

09.06.2026 12:01
1.9k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

24.01.2026 23:50
5k+

Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady

Samsung kompaniýasy Certified Re-Newed (CRN) maksatnamasyny Ýewropa çenli giňeltdi we Galaxy S25 seriýasynyň dikeldilen smartfonlaryny satyp başlady. Bu enjamlar eýýäm Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada elýeterli...