Volkswagen Golf Ýewropada iň meşhur awtomobil boldy

  • 26.01.2022 23:03
  • 5.9k+

Volkswagen Golf hetçbegi 2008-nji ýyldan bäri ýewropa bazarynda iň köp satylýan awtomobil adyny elden gidirmän gelýär. 2021-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda 205 müňden gowrak Golf awtomobili satyldy, şonuň netijesinde ol ýene-de iň meşhur model boldy. Bu barada JATO Dynamics gözleg kompaniýasyna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Muňa garamazdan, Volkswagen Golf-yň bazar paýy tas iki esse (1,75%-e çenli) azaldy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende satuw 27,9% pese gaçdy. Muny umumy defisit şertlerinde bäsdeşligiň güýçlenmegi we Golf-yň elektrik görnüşiniň ýoklugy bilen baglanyşdyrýarlar – netijede bu markanyň muşdaklary ID.3 modelini has köp saýlaýarlar.

Meşhurlygy boýunça ikinji orunda Peugeot 208 ýerleşdi (196,9 müň birlik; -1,1%), Dacia Sandero ondan birneme yza galdy (196,8 müň birlik; +16,9%). Bäşligi Renault Clio (196,2 müň birlik; -21,1%) we Peugeot 2008 (194,7 müň birlik; +24,4%) jemleýär.

Ýewropada iň köp satylýan awtomobilleriň onlugyna Volkswagen T-Roc (186,6 müň birlik; +17,1%), Toyota Yaris (182,6 müň birlik; +1,3%), Opel/Vauxhall Corsa (180,6 müň birlik; -8,7%), Fiat 500 (174,7 müň birlik; +24%) we Citroen C3 (159,3 müň birlik; +7%) hem girdi. 


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......