Türkmenistan ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça tejribe alyşýar

  • 26.01.2022 22:33
  • 3.8k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow W.Brýusow adyndaky Ýerewan döwlet uniwersitetiniň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar boýunça ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, professor Tigran Torosýan bilen duşuşdy. Taraplar ÝUNESKO kafedrasynyň işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomat duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli medeni mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek bilen bagly meselä aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, döwlet Baştutanynyň teklibi esasynda türkmenleriň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň berdi.

Soňra professor T.Torosýan Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerden söz açýan wideoşekilleri synlady. Şolaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyndan orun alan «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty hem bar. Şunuň bilen baglylykda, ilçi bu sanawa geçen ýylyň dekabrynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň goşulandygyny hem habar berdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......