Türkiýede polat öndürijiler 2021-nji ýylda rekord goýdular

  • 25.01.2022 23:52
  • 6.3k+

2021-nji ýylda Türkiýede polat önümçiliginiň möçberi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,7 göterim – 40 mln tonna çenli ýokarlandy. Türkiýäniň Polat öndürijileriniň assosiasiýasynyň (TÇÜD) habaryna görä, bu respublikanyň taryhynda çig polat önümçiliginiň rekord görkezijisidir. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Dünýä söwdasyndaky proteksionizm çäreleri, çig malyň we energiýanyň ýetmezçiligi, şeýle-de uglerod zyňyndylaryny azaltmak maksadyna ýetmek üçin çäreleriň çäginde önümçilik çäklendirmeleri sebäpli bazardaky näbellilige garamazdan, Türkiýäniň polat senagaty ýyly üstünlikli görkezijiler bilen tamamlady.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli azalan Türkiýäniň polat önümçiligi bazarlaryň bölekleýin dikeldilmegi bilen ýokarlanyp başlady. Geçen ýylyň aprel we maý aýlarynda Türkiýäniň polat önümçiliginiň ýokary ösüş depginleri 2020-nji ýylyň degişli döwründe ep-esli ýitgiler bilen baglanyşyklydy.

Geçen ýylyň ikinji ýarymyndan önümçilik, sarp ediş we daşarky söwda kem-kemden durnuklaşdy. Umuman, 2021-nji ýylda polat önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12,7 göterim ýokarlanyp, 40,4 mln tonna möçberinde rekord derejä ýetdi. 


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......